Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Hökümetiň 15-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyklar barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 1-nji noýabrda geçiriljek foruma ýurdumyzyň ykdysadyýet,maliýe-bank ulgamlarynyň degişli ministrliklerinden, ýokary okuw mekdeplerinden hem-de karz edaralaryndan 250-den gowrak wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar.
Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ykdysady özgertmeler babatdaky başlangyçlary, milli manadyň durnukly dolandyrylmagy netijesinde gazanylýan üstünlikler, sanly bank hyzmatlarynyň ösdürilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maslahaty guramaçylykly we ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belläp, degişli görkezmeleri berdi.
Türkmenistanda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata taýýarlyk işleri dowam edýär
18
Oct
