TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda Migrasiýa hakynda kanun täzelenilýär

Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, şeýle hem “Migrasiýa hakynda” we başga-da birnäçe kanunlara üýtgetmeler girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde maglumat berdi. Hasabatyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 29-njy martynda ýurdumyzyň käbir saýlaw okruglarynda boşap duran orunlar üçin saýlawlaryň geçiriljekdigi hem bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýurdumyzyň hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegiň, kabul edilen kanunlara döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz saýlawlaryň ýokary demokratik şertlerde geçirilmelidigine ünsi çekip, degişli kanunçylyk işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.