Türkmenistan 22-27-nji iýun aralygynda Medeniýet hepdeligini geçirer. Bu medeni çäräniň maksady Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň poeziýasy bilen baglanyşyklydyr.
Hepdeligiň çäginde konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, poeziýa agşamlary we spektakllaryň görkezilişi meýilleşdirilýär. Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda “Şasenem-Garyp” operasynyň premýerasy görkeziler.
Gatnaşýanlar paýtagtyň “Magtymguly Pyragy” toplumynda şahyryň heýkeline gül desselerini goýarlar.
Türkmenistanda Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görülýär

18
Jun