Türkmenistanda matematika boýunça halkara olimpiada badalga berildi
Paýtagtymyz Aşgabatdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “OMOUS
2025” açyk halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu bilim
bäsleşiginiň esasy maksady zehinli talyplary ýüze çykarmankdan, halkara bilim
hyzmatdaşlygyny ösdürmekden we takyk ylymlary giňden wagyz etmekden ybaratdyr.
Bassyr 3 ýyldan bäri Türkmenistan şeýle bilim bäsleigini gurnaýar. Üstümizdäki ýylda
olimpiada gatnaşmak üçin dünýäniň dürli döwletlerinden 500-den gowrak talyp ýaşlary
geldi. Olaryň hatarynda Russiýa, Özbegistan, Polşa. Rumyniýa, Indoneziýa, Eýran, şol bir
wagtda ilkinji gezek gatnaşýan Birleşen Arap Emirlikleri, Hindistan we Täjigistan ýaly
döwletler bar.
Açylyş dabarasynda ýörite sergi gurnalyp, onda türkmen halylary, täzeçil tehnologik işläp
düzmeler, dürli suratlar we milli saz gurallary görkezildi.
Talyplaryň arasyndaky matematika olimpiadasy 2 tapgyrda: şahsy we toparlaýyn esasda
geçiriler. 6 gün dowam etjek olimpiadanyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde
myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet muzeýine hem-de türkmen halysynyň Milli muzeýine
baryp görerler.