YKDYSADYÝET

Türkmenistanda Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-gözleg instituty işläp başlady

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkezi öz işini bes etdi. Onuň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň ýanyndaky Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-gözleg instituty döredildi.
Bu üýtgedip gurmak bilen baglanyşykly degişli edaralar we kärhanalar özara hasaplaşyklaryň
geçirilmegi soralýar. Bu özgerişlik ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ylmy-gözleg infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak maksatnamasynyň bir bölegi bolup durýar.
Täze institut ozalky merkez tarapyndan başlanan ylmy işleri Türkmenistanyň Oba hojalygy
ministrliginiň çäklerinde giňeldilen ygtyýarlyklary we serişdeleri bilen dowam etdirer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: