JEMGYÝET

Türkmenistanda köp çagaly eneleriň pensiýa ýaşy ep-esli peseldildi

Türkmenistanda köp çagaly eneleriň pensiýa ýaşy ep-esli peseldildi.

Indi sekiz we şondan köp çagany dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 10 ýyldan az bolmadyk aýal maşgalalar , 52 ýaşy dolandan soň pensiýa çykyp bilerler.

Şonuň ýaly-da, bäş, alty, ýedi çagany dogran ýa-da çagalygyndan maýyplygy bolan çagasy bar bolan (maýyplygy bolan çaga diýip ykrar edilen wagtyna garamazdan) we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 15 ýyldan az bolmadyk, aýal maşgalalar 54 ýaşy dolandan soň pensiýa çykmak hukugynda peýdalanyp bilerler.

Bu hukuk Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine girizilen üýtgetmelerde we goşmaçalarda berkidildi. Olar 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girerler.

Kodekse girizilen üýtgetmelerde we goşmaçalarda köp çagalary eneler üçin beýleki ýeňillikler hem göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: