JEMGYÝET

Türkmenistanda köp çagalary enelere täze jaýlaryň açary gowşuryldy

Halkara zenanlary gününiň öň ýanynda «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýeleri bolan Lebap welaýatynyň Saýat we Döwletli etraplarynyň ýaşaýjylary Altyn Hojakulyýewa bilen Badamgül Dowronowa täze jaýlaryň açarlary gowşuryldy.

Saýatly zenan Altyn Hojakulyýewanyň ýoldaşy Kömek Gurbandurdyýew bilen guran bagtly maşgalasyndaky ilkinji perzent ― Jennet mundan 28 ýyl öň dünýä indi. Geçen ýyl bolsa bagtyýar ata-ene özleriniň sekizinji perzendi ― Şazadajygy ele aldylar. Häzir olaryň alty gyzy we iki ogly bar. Saýat etrabynyň Gyzylaýak obasynda ýaşan bu maşgala baýramyň bosagasynda Türkmenabat şäherinde üç otagly ýaşaýyş jaýyna göçüp geldi.

Döwletli etrabynyň Türkmenistan geňeşliginiň Ýaşlyk obasynda ýaşaýan Badamgül Dowronowa we onuň adamsy bolsa Aman Nasirow Köýtendag etrabyndaky Garlyk şäherçesinden jaýly boldular. Olaryň alty ogly we iki gyzy bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: