JEMGYÝET

Türkmenistanda kononawirusa garşy «Спутник V» waksinasy bellige alyndy «Спутник V»

Türkmenistan koronawirusa garşy «Спутник V» waksinasyny bellige aldy, diýip «ТАСС»-a salgylanmak bilen, «Мир 24» teleýaýlymy habar berdi.
Ýurtda waksinanyň howpsuzlygyna we netijeliligine ýokary baha berdiler diýlip bellenilýär. Türkmenistan Orta Aziýada öz çäginde Russiýanyň «Спутник V» waksinasyny resmi taýdan bellige alan ýeke-täk döwletdir.
«Hyzmatdaşlar waksinanyň howpsuzlygyna we netijeliligine ýokary baha berdiler. Ol şu güne çenli koronawirus bilen göreşmek üçin dünýäde öňde baryjy serişdeleriň biridir we dünýäniň dürli sebitlerinde döwlet regulirleýjileri tarapyndan makullanyldy» diýip, Russiýanyň göni goýumlar gaznasynyň baş direktory Kirill Dmitriýew aýtdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply