Türkmenistanda kitaphana ulgamyny ösdürmek bilen bagly bäşýyllyk maksatnama güýje girdi
Hökümetiň 24-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa döwlet Baştutanyna “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” tassyklamaga hödürledi. Bellenilişi ýaly, bu Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi kitaphana işiniň dünýä ylmynyň gazananlaryna, ylmy-tehniki ösüşe, milli ýörelgelerimize laýyklykda kämilleşdirilmeginde uly ähmiýete eýe bolar. Hususan-da, kitaphanalaryň gaznasynda saklanylýan neşir önümleriniň hasabyna dürli neşir önümleri, şol sanda has köp okalýan kitaplar, okuw-usulyýet, ylmy edebiýatlar, çeper eserler, ensiklopediýalar, sözlükler neşir ediler hem-de
kitaphanalara ýaýradylar.
Döwlet Baştutany kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, bu Maksatnamany tassyklamak hakynda Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.