TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda kerosiniň we nebit bitumynyň önümçiligi ýokarlandy

Hökümetiň 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanyna 2025-nji ýylyň jemleri boýunça nebit önümleriniň arasynda kerosiniň öndürilişiniň 5,4 göterim artandygy habar berildi. Şeýle-de nebit bitumynyň öndürilişi 26,4 göterim ýokarlandy.
Bitum önümçiligindäki ýokary ösüş ýol gurluşygy, infrastruktura taslamalary we senagat abatlaýyş işleriniň geriminiň giňeýändigini görkezýän möhüm görkeziji hökmünde kabul edilýär. Kerosin ýaly önümleriň artmagy bolsa degişli üpjünçilik ugurlarynyň durnuklylygyny görkezýär.
Hasabatda bu görkezijiler senagat önümçiliginiň gurluşy boýunça ösüşleriň giň gerim alandygyny tassyklaýan maglumatlar hökmünde beýan edildi.