TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda keramiki önümleri öndürýän täze kärhana açyldy

Şu gün — 12-nji martda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýurdumyzyň kuwwatly önümçilik kärhanalarynyň üstüni ýetiren sebitde deňi-taýy bolmadyk «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy.
Täze önümçilik kärhanasynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi hem-de halk köpçüligi gatnaşdy.
Dabarada «Bäherden» keramiki önümleri kärhanasy bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Kärhana Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda «Eziz doganlar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Önümçilik toplumy edara binasyndan, keramika bezeg plitalary öndürýän zawoddan,  sanfaýans önümlerini öndürýän zawoddan, Abatlaýyş ussahanasyndan, naharhanadan we işçiler üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryndan we beýleki düzümlerden ybaratdyr.
Kärhanada Italiýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyrylandyr. Keramogranit plitalaryny we keramiki önümlerini öndürýän kärhananyň çägi 30 gektar meýdany eýeleýär. Innowasion robotlaşdyrylan hem-de awtomatlaşdyrylan tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bu desgada ýylda 3,3 million inedördül metr plita we 120 müň sany sanfaýans önümleri öndüriler. Bu ýerde dürli ölçegdäki keramik plitalaryň 7 görnüşi we sanfaýans önümleriniň 6 görnüşi öndüriler.
Döwrebap kärhanada önümçilik üçin peýdalanyljak çig mallaryň uly böleginiň, ýagny 93 göteriminiň ýurdumyzda alynýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Täze kärhanada 450-den gowrak iş orny döredilip, ol ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mynasyp goşant goşar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: