Türkmenistanda karz syýasaty ösdürilýär
Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 92 milliard 135,71 million manada ýetdi. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 89 milliard 102,220 million manada barabar boldy.
2025-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 52 milliard 128 million manada barabar boldy. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna bu görnüşli karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 55 milliard 008 million manada deň boldy.