YKDYSADYÝET

Türkmenistanda karbamid zawotlarynyň üçüsiniň işini döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellenildi.
Bellenilişi ýaly, «Tejenkarbamid», «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlary tarapyndan karbamid dökünleri öndürilip, ýurduň oba hojalyk önüm öndürijileri bu önüm bilen üpjün edilýär we olar daşary ýurtlara eksport edilýär. Häzirki wagtda zawodlaryň bökdençsiz, ygtybarly işledilmegini gazanmak üçin bu kärhanalary önümçilikde ulanylýan tehnologik enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: