YKDYSADYÝET

Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi durnukly häsiýete eýe boldy

Türkmenistanda geçen ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň ösüşi durnukly häsiýete eýe boldy. Bu babatdaky görkeziji, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 6,2 göterim ýokarlandy. Senagat toplumynda bu görkeziji 9,2 göterim, gurluşyk pudagynda 0,3 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamynda 4,3 göterim, söwdada 8,8 göterim, oba hojalygynda 3,8 göterim, hyzmatlar ulgamynda 5,8 göterim boldy.

2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,7 göterim köpeldi, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Bölek söwdanyň möçberi 16,6 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depgini bolsa 20,5 göterim artdy.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 11-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: