YKDYSADYÝET

Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini ýokarlandy

2021-nji ýylyň 10 aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime barabar boldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow şu ýylyň 10 aýynyň netijeleri boýunça sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi, diýip «Türkmenistan Altyn asyr» saýty ýazýar.

2021-nji ýylyň 10 aýynda öndürilen önümleriň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim artdy.

Şeýle hem, Serdar Berdimuhamedow bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri 14,6 göterim artdandygyny belledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: