Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly ösýär
On bir aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde durnukly saklanylýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleri öndürmegiň möçberi 11 göterim artdy.
Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 35,7 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 119,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa, 98,1 göterim ýerine ýetirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14,1 göterim artdy.
Bu maglumatlar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde getirildi.