Döwlet Baştutanymyz 13-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde ilatyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak boýunça ýeňillikli şertlerde karzlaryň berilmegini dowam etdirmek barada tabşyryk berdi. Bu çäre ilatyň ýaşaýyş üpjünçiligi boýunça mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.
Şeýle-de bankara elektron töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak babatda işleri güýçlendirmek talap edildi. Bu tabşyryklar sanly ykdysadyýetiň ösüşine laýyklykda möhüm ugur hökmünde görkezildi.
Mundan başga-da, ykdysadyýeti ösdürmäge maliýe goldawyny bermek, milli puluň hümmetini durnukly saklamak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek zerurdygy nygtaldy.
Türkmenistanda jaýlary ýeňillikli şertlerde karzyna bermek işleri dowam etdiriler
17
Feb

