Paýtagtymyz Aşgabat uly futbol wakasynyň bosagasynda. 11-nji fewralda ýurdumyzyň buýsançly topary Arkadag meşhur futbolçy Kriştianu Ronaldu çykyş edýän Saud Arabystanynyň Al-Nasr topary bilen duşuşar. Bu taryhy oýna janköýerleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan günlerinde Türkmenbaşy dokma toplumynyň bölümleri sport çäresine taýýarlygyň çäklerinde gije-gündiz bökdençsiz zähmet çekýärler.
Şol taýýarlygyň çäklerinde «Nusay» haryt nyşany astynda türkmen pagtasyndan taýýarlanan ýörite sport köýnekleri öndürilýär. Olaryň öň tarapynda toparyň ady, arka tarapynda bolsa ýylyň şygary — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen ýazgy ýerleşdirilýär. Şeýle önümler janköýerleriň goldawyny we ýurdumyzyň dokma senagatynyň kuwwatyny aýdyň görkezmek bilen, «Arkadag» toparynyň ýeňşine bolan ynamy has-da artdyrýar.
Türkmenistanda janköýerler üçin «Arkadag» toparynyň köýnekçesi tikilýär
28
Jan
