TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda “ITTC-2024” maslahaty geçiriler

Türkmenistan 2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda ulag we üstaşyr geçelgeleri
boýunça III halkara maslahaty we sergini geçirmäge taýýarlyk görýär. “Belli”
hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guralýan çäre ählumumy logistika işiniň işjeň
ösýän häzirki şertlerinde geçirilýär. 
Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçiriljek maslahat ekologiýa
taýdan arassa ulag tejribelerini we sebitiň sanly ösüş müminçiliklerini ara alyp
maslahatlaşmak üçin dünýäniň öňdebaryjylaryny we maýadarlaryny bir ýere
jemlär. 
“ITTC-2024” maslahaty ulag pudagynda zenanlaryň eýeleýän orny, durnukly
tejribeleriň ornaşdyrylmagy we logistika işiniň sanlylaşdyrylmagy ýaly giň
ugurlary öz içine alýar. Deňze çykalgasy bolmadyk Merkezi Aziýa ýurtlaryny
goldamaga, olaryň dünýä bazarlaryna elýeterliligini giňeltmäge aýratyn üns
berler. 
Mundan ozalky “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we
ösüş” atly halkara maslahaty we sergisi (ITTC 2023) geçen ýylyň 3 – 5-nji maý
aralygynda geçirilipdi.