TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda iş kesilen 247 raýatyň günäsi geçildi

Hökümetiň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýew jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek
boýunça degişli toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, iş kesilen 247 raýatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.