Häzirki zaman dünýäsinde ylmy-tehniki ösüşiň depginleri jemgyýetiň ähli ugurlaryna öz täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzy innowasion ösüş ýoluna geçirmekdir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, innowasiýalar milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşmagynda we halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagynda esasy orun eýeleýär.
Innowasion ösüş — bu diňe bir täze tehnologiýalary satyn almak däl, eýsem täze ylmy bilimleri önümçilige ornaşdyrmak, netijeli dolandyryş usullaryny ulanmak we döredijilikli pikirlenmekdir. Ýurdumyzda döredilýän Tehnologiýalar merkezi, sanly bilim ulgamy we ylmy-barlag institutlary ýaşlaryň innowasion ideýalaryny goldamaga gönükdirilendir. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyplary hökmünde biz ylmyň we önümçiligiň utgaşmasynda täze “start-ap” taslamalaryň nähili uly ähmiýete eýedigini görýäris.
Häzirki wagtda innowasiýalar senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda we energetika pudagynda giňden ulanylýar. Akylly şäher (Smart City) konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheri ýurdumyzdaky innowasion ösüşiň aýdyň mysalydyr. Bu ýerde iň döwrebap maglumat tehnologiýalary, ekologik taýdan arassa ulaglar we akylly öý ulgamlary jemlenendir. Innowasion ösüşiň beýle belent sepgitleri ýurdumyzyň geljekde dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da berkider.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda innowasion telekeçiligiň hyzmaty hem örän uludyr. Ýaş telekeçileriň sanly çözgütleri ulanmagy, önümçilikde energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy içerki bazaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Biz — talyp ýaşlar, innowasion tehnologiýalary çuňňur öwrenip, ýurdumyzyň ykdysady özygtyýarlylygyny has-da berkitmäge çalyşmalydyrys.
Innowasion ösüş depginleri Türkmenistanyň täze taryhy eýýamynyň aýrylmaz bölegidir. Bilim we ylym bilen taplanan, täzeçil pikirli ýaşlar döwletimiziň innowasion geljegini guranlarynda esas güýç bolar. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde, ýurdumyz durnukly ösüşiň we innowasiýalaryň mekanyna öwrülmegini dowam eder.
NAZAROWA Gözel,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
dil öwreniş bölüminiň 107-nji okuw toparynyň talyby.

