TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda ilkinji Gün panelli demir ýol we awtomobil menzilleri gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda şäheriň Aragatnaşyk müdirligine
hem bardy.
Bu ýerde Arkadag şäheriniň demir ýol we awtomobil menzillerinde oturdyljak Gün panelleri barada hem aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bu Gün panelleri Aziýanyň ösüş bankynyň serişdeleriniň hasabyna gurlar. Täze tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri bilen bilelikde alnyp barlar.
Gün panelleri menzilleriň dolandyryş düzümlerini we yşyklandyryş ulgamyny zerur bolan elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: