YKDYSADYÝET

Türkmenistanda ilkinji bolup, howalandyrma ulgamy üçin kanallaryň önümçiligini ýola goýdy

Aşgabat şäherindäki «Mawy deňiz» hususy kärhanasy ýurtda ilkinji bolup, howalandyrma ulgamy üçin kanallaryň we olaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň önümçiligini ýola goýdy.

Kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 1 tonna önüm öndürmäge mümkinçilik bar. Kärhananyň işçi-hünärmenleri edara-kärhanalarda, ýaşaýyş jaýlarynda, durmuş medeni maksatly binalarda otaglaryň, zallaryň howasyny salkynladyjy we ýyladyjy enjamlaryny gurnamak hyzmatyny hem ýerine ýetirýärler. Kärhanada edara-binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň salkynladyjy we ýyladyjy enjamlaryny özüne birikdirýän howalandyrma ulgamy üçin kanallaryň dörtburç hem-de togalak görnüşi öndürilýär. Önümçilikde ýerli we daşary ýurt çig malyndan peýdalanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: