TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda içerki sarp edijilere beriljek ýangyç serişdeleri kesgitlenildi

Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2025-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri, şol
sanda awtomobil benzini we dizel ýangyjy, şeýle hem awiakerosin boýunça möçberi tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Karara gol çekdi.
Resminama Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Prezident maksatnamasyna laýyklykda, edaralary, kärhanalary, jemgyýetçilik birleşiklerini,
hususy telekeçileri we ilaty nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem bu
önümleri has rejeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek
maksady bilen kabul edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: