Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda bu ýokary okuw mekdebiň Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda hytaý dili boýunça geçiren II internet-olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Dabaraa institutyň ýolbaşçylary we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Olimpiadanyň netijeleri boýunça hytaý dilini ýokary derejede bilýän sekiz ýeňiji kesgitlenildi.
Bäsleşigiň baş baýragyna Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 12-nji synp
okuwçysy Swetlana Akbaýewa mynasyp boldy. 1-nji orny Aşgabat şäherindäki 60-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Muhammetmyrat Allaberdiýew eýeledi.
Ikinji orny Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçylary
Hakmyrat Annadurdyýew we Muhammetmyrat Mammetweliýew, şeýle hem
Aşgabat şäherindäki 50-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Wiktoriýa
Çabanenko eýelediler. 3-nji orna Aşgabat şäherindäki 53-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Kseniýa Rassohina, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 130-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçylary Aýlar Nowruzowa we Nurana Musaýewa mynasyp boldular.
Olimpiadanyň ýeňijilerine Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Hormat hatlary hem-de sowgatlary gowşuryldy.
Olimpiýada iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda oňa gatnaşyjylar berlen tema
boýunça hytaý dilinde düzme ýazmakda bäsleşdiler. Ikinji tapgyr barlagnama
görnüşinde geçirildi.
Türkmenistanda hytaý dili boýunça internet-olimpiadasy geçirildi

25
Dec