TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda hususy bölege berilýän karzlar ýokarlandy

Hökümetiň 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanyna Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow Hökümetiň 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanyna banklar tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete gönükdirilen karzlaryň galyndysy geçen ýylyň degişli senesi bilen deňeşdirilende 4,8 göterim artdy.
Şeýle hem ykdysadyýetiň hususy bölegine berlen karzlaryň galyndysy 23 göterim ýokarlandy. Fiziki şahslara berlen karzlar bolsa 25,4 göterim artdy. Bu maglumatlar maliýe serişdeleriniň ykdysady işjeňlige has giňden gönükdirilýändigini görkezýär.
Mundan başga-da, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýatlarda raýatlaryň gozgalmaýan emläk satyn almagy üçin berlen karzlaryň 20,1 göterim köpelenligi nygtaldy.