YKDYSADYÝET

Türkmenistanda hind towugynyň etinden gaplanan önümler çykarylyp başlandy

Hind towugyny ýetişdirmek boýunça ýöriteleşdirilen «Maksada okgunly» toplumynda ýurtda ilkinji bolup hind towugynyň etinden gaplanan önümleri çykaryp baladylar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýyllyk kuwwaty 500 tonna barabar bolan zawod işe girizildi. Bu ýerde hind towugynyň etiniň dürli böleklerinden: butlaryndan, döşlerinden, süňklerinden gaplanan önümleriň üç görnüşi taýýarlanylýar. Olara tagamy güýçlendiriler, emulgatorlar we beýleki emeli goşundylar goşulmaýar.

Gaplanan önümler uzak wagt saklanmaga niýetlenendir. Olary gyzdyrylmadyk ýagdaýynda hem, gyzdyrylyp hem ulanmak bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: