Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisi geçirildi.
Bu halkara çäreni we baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini we bu asylly işlere mynasyp goşandyň goşulmalydygyny belläp, Gahryman Arkadag degişli ýolbaşçylaryň gözegçilik edýän düzümlerinde bu ugurda alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi.
Olarda bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Bitaraplyk baýramy mynasybetli geçiriljek çäreleriň maksatnamasy işlenilip taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, şanly sene mynasybetli giň möçberli dabaralar geçiriler. Aýratyn-da, halkara çärelere gatnaşýan myhmanlar üçin medeni we durmuş hyzmatlarynyň ýokary derejesi hödürlener. Şeýle hem baýramçylyk günlerinde işlejek meýletinçiler toparyny düzmek we onuň düzümine göreldeli ýaş
mugallymlary, işjeň talyplary seçip almak işleri ýaýbaňlandyrylar. Şol bir wagtyň özünde, halkara çärelerine gatnaşýanlaryň aragatnaşyk we internet ulgamynyň ýokary derejeli mümkinçilikleri bilen üpjün edilmegine uly üns berler.
Türkmenistanda hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara derejeli çäreler geçiriler
07
Nov
