TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli döwlet tarapyndan ýene pul sowgatlary berler

21-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2025-nji ýylyň 1 — 6-njy marty aralygynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 manat möçberde pul sowgadyny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany Hökümet mejlisinde baýramçylyk mynasybetli gelin-gyzlara pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: