MILLI BAÝRAMÇYLYKLAR

Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenilýär

Şu gün Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli dabaralar irden Türkmenabat şäherindäki Baýdak meýdançasyndan başlandy. Bu ýerde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Döwlet Baýdagyny galdyrylyş dabarasy boldy. Oňa welaýat we Türkmenabat şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Döwlet Senasynyň dabaraly ýaňlanmagy ýaşyl Baýdak galdyrylandan soň edilen çykyşlarda dünýäde dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde we parahatçylygy pugtalandyrmakda türkmen Bitaraplygynyň ähmiýeti dogrusynda aýratyn nygtaldy.

Soňra Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk şanly senesi mynasybetli welaýatyň sungat ussatlarynyň taýýarlan konserti boldy.

Welaýat häkimliginiň we medeniýet müdirliginiň guramagynda ýurdumyzda giňden baýram edilen şu şanly senä bagyşlanyp, Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda hem aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Şeýle dabaraly baýramçylyk çäreleri welaýatyň ähli etraplarynda hem geçirildi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy gatnaşyjy ýurtlaryň biragyzdan goldamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Resolýusiýany kabul etdi. 2015-nji ýylyň iýun aýynda bolsa «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi.

2017-nji ýylyň fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni diýlip biragyzdan yglan edildi. Şondan bäri bu baýram Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: