Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine giň taýýarlyk işleri alnyp barylýar. TDH-nyň habar bermegine görä, bu möhüm maslahat milli demokratiýanyň dabarasy bolup, ýurdumyzda alnyp barlan işleriň netijelerini seljermäge, senagat, oba hojalygy, saglygy goraýyş, sport we bilim ýaly ähli möhüm ugurlaryň ösdürilişi boýunça teklipleri ara alyp
maslahatlaşmaga gönükdirilýär. Mejlisiň dowamynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda ösdürmegiň Maksatnamasy» ýaly esasy döwlet maksatnamalary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Maslahatda «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» täze Konstitusion kanunyň taslamasy hem garalmaga taýýarlanyldy. Bu resminama ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ýörelgelerini hukuk taýdan berkidip, parahatçylyk dörediji döwlet derejesini pugtalandyrmaga gönükdirilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý medaly baradaky kanunyň kabul edilendigi bellendi. Mejlisiň dowamynda Watanyň ösüşine goşant goşýan zähmetkeşleriň
hyzmatlaryny bellemek hem göz öňünde tutulýar, bu bolsa döwletimiziň asylly däplerine we halkyň bitiren hyzmatlaryna goýýan ýokary hormatynyň beýanydyr.
Türkmenistanda Halk Maslahatynyň mejlisine giňden taýýarlyk görülýär
13
Sep

