BILIM

Türkmenistanda halaçly mugallymyň dil öwrediji goşundysyny giňden ýaýratmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanda Halaç etrabyndaky 24-nji orta orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Şageldi Ýabanow tarapyndan taýýarlanylan «Kämillige tarap» atly mobil goşundysyny giňden ýaýratmak meýilleşdirilýär. «Google Play»-de eýýäm elýeterli bolan bu goşundy iňlis dilini iň täsirli ýollar bilen öwretmäge niýetlenendir.
Mobil goşundyda Şageldi mugallymyň gysga wideosapaklary ýerleşdirilendir. Olar iňlis dilini öwrenmegiň derejeleri boýunça maglumatlary berýär. Her derejede 100-e golaý wideosapak bar.
Mobil goşundy «Pleýmarketde» eýýäm 5 müň gezekden gowrak ýüklenip alyndy. Ol bilim jemgyýetçiliginiň hem ýokary bahasyna mynasyp boldy. Bilermenler hemmeleriň bu goşundyny ýükläp almagynyň iňlis dilini çalt, täsirli we ýeňil öwrenip bilmegine goşant goşjakdygyny aýdýarlar.