Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek, ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Bu barada döwlet Baştutanyna Hökümetiň 25-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde
hasabat berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda güýzki bag ekmek
möwsümine gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere
bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanda güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk görülýär
26
Oct
