TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda gurluşyk we senagat pudagy boýunça öňegidişlikler gazanylýar

2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 115,9 göterim berjaý edildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow öz hasabatynda mälim eti diýip, TDH ýazýar.
Wise-premýeriň aýtmagyna görä, toplumyň ähli esasy düzümlerinde meýilnamalara artygy bilen
hötde gelindi. Hususan-da, Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 112,8 göterime deň boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 120,5 göterim ýerine ýetirildi.
Aýratyn öndürijilik bilen tapawutlanan «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça bu görkeziji
127,1 göterime barabar boldy. Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň hem-de
işleriň meýilnamasy 104,4 göterim ýerine ýetirildi.
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,5 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň meýilnamasy 108,1 göterim berjaý edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: