YKDYSADYÝET

Türkmenistanda gurluşyk materiallaryny öndürýän ýene bir täze kärhana gurulýar

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän täze kärhana gurulýar. Ony «Ak bulut» hojalyk jemgyýeti bina edýär.

Onuň gurluşygyna geçen ýylyň noýabr aýynda girişildi we ony şu ýylyň sentýabrynda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Kärhanany gurmak üçin bäş gektar meýdan bölünip berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlardan getirilýänleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini ýola goýmak boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen gurulýan kärhana işe girizileninden soň içerki bazaryň gury gurluşyk garyndylaryna bolan talaby ödeler. Şonuň ýaly-da, önümiň bir bölegini daşary bazarlarda ýerlemek göz öňünde tutulýar.

Önümçilik üçin çig mal Köýtendagdan alnar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: