Bakjaçylyk oba hojalygynyň iň düşewüntli pudagy hasap edilýär. Sebäbi, 1 ga ölçeginde garpyz 240-260 s, gawun – 130-145 s hasyl berýär. Kädiniň hasyllylygy bolsa, 350-420 s/ga ýetýär. Şol wagtyň özünde hem, bakja önümlerde 70-81 % suw, 6-18 % şeker, 2-3 % mineral duzlar, 3-4 % organiki kislotalar, belok, 12-24 % ýaglar we witaminler saklanylýar.
Gök ekerançylyk (pomidor, sogan, kelem, burç, käşir), bakjaçylyk (gawun, garpyz, kädi) we köki miweliler (ýeralma, şugundyr) ösdürip ýetişdirmeklik esasan ilatyň azyk bolçulygyny artdyrmak üçin zerurdyr. Häzirki wagtda ilaty ýurduň içinde öndürilýän esasy azyk önümleri bilen üpjün etmek, şol sanda gök-bakja önümleriniň bolçulygyny döretmek wezipesi üstünlikli çözülýär. Pudaklaryň önümlerini ter we gaýtadan işlenen görnüşde başga ýurtlara satuwa çykarmak mümkinçilikleri hem bardyr.
Ilatyň kada boýunça ýylda jan başyna sarp edilmeli gök-bakja önümleriniň we ýeralmanyň möçberi, kg
Önümiň görnüşi | Kada boýunça ýylda jan başyna sarp edilmelisi |
Gök önümleri | 80 |
Bakja önümleri | 40 |
Ýeralma | 37 |
Gök ekerançylyk pudaklary şu döwürde ilatyň degişli azyk önümlerine bolan islegini doly kanagatlandyryp bu önümleriň bol-elinligini döredýärler.Bu pudaklarda emele gelen önümçilik binýady esasan ekinleriň hasyllylygyny artdyrmagyň hasabyna gök, bakja önümleriniň we ýeralmanyň öndürilişini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Gök ekerançylyk. Bu pudakda önümiň zähmet sygymy örän ýokary bolup, orta hasapdan ekinleriň bir gektaryna 1,5müň adamsagada çenli janly zähmet sarp edilýär. Bir işgäre berkidilýän ekinleriň meýdany olaryň görnüşine görä, 0,5-0,7ga ýetýär. Zähmet sygymy has ýokary gök ekinlere pomidor, käşir, hyýar degişli.Kelem, badamjan, burç ýaly beýleki gök ekinleriň zähmet sygymy birneme aşakdyr.
Ýöriteleşen hojalyklarda pudagy intensiwleşdirmegiň hasabynaýokary netijeler gazanylýar.
Pudagyň aýratynlygy – mehanizmleşdiriş mümkinçilikleriniň, ylaýta-da hasyl ýygymynda çäkli bolmagydyr. Intensiwleşdirmekligiň esasy faktory bolup, agrotehnikanyň talaplarynyň çäklerinde organiki we mineral dökünleriň berilmegi çykyş edýär. Ösümlikleri ak ganatlyjalardan we beýleki mör–möjeklerden hem-de kesellerden goramak, ýörite ekin dolanşyklarynyň ulanylmagy, agrotehnikanyň berjaý edilmegi, tohumçylyk işi pudagyň mundan beýlägem ösdürilmeginiň esasy ugurlarydyr.
Bakjaçylyk. Azyklyk bakja ekinlerine esasan gawun, garpyz we kädi degişlidir. Zähmet sygymynyň aşak bolmagy hem-de bakja ekinleriniň agrotehniki çäreleriň geçirilişine möhlet babatda az talap edijiligi bu pudagyň beýleki pudaklar bilen utgaşykly alynyp barylmagyny ýeňilleşdirýär. Gawun-garpyzyň täze çykarylýan sortlarynyň arasynda daşamaga oňaýly, kesele çydamly, tagamy boýunça has ýokary hilli sortlary bar. Gawuny we garpyzy azyk senagatynda gaýtadan işlemegiň geljegi uly.
ZARIFJANOWA Dursun,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby