YKDYSADYÝET

Türkmenistanda gazyň täze akymy alyndy

“Galkynyş” gaz käniniň 265 belgili ulanyş guýusynda birnäçe çuňluklardan
tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy.
Bir gije-gündiziň dowamynda 2 million kub metr çykymy bolan guýunyň
önümçilik mukdarynyň yzygiderli ýokarlanjakdygy gürrüňsizdir. Munuň özi
ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan “mawy ýangyja” baý känleriň işiniň
häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylýandygynyň nobatdaky
beýanydyr. 
Dünýä ýüzünde gorlary boýunça “supergigant” dereje berilýän hem-de
tehniki görkezijileri babatda “unikal” hasaplanýan “Galkynyş” gaz käni, bu
gün mawy ýangyjyň iň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu ýerde 265 belgili gaz guýusynda buraw işleriniň 4 müň 485 metr çuňlukda üstünlikli ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astynda 4417-4281 metr we 4266-4226 metr aralyklardaky gatlaklarda senagat ähmiýetli täze gaz akymy alyndy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: