JEMGYÝET

Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günleri başlandy

7-9-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçirilip, Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin gazak kinematografy, saz sungaty we halk däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçiligi bolar. Bu barada Gazagystanyň “Kazinform” habarlar agentligi habar berýär.

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriljek Gazagystanyň sungat ussatlarynyň gala-konserti Gazagystanyň Medeniýet günleriniň esasy çäresi bolar.

Şeýle-de 10-njy oktýabrda Aşgabatda Gazagystanyň beýik şahyry Abaý Kunanbaýyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçiriler.