2-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurduň goranyş ukybyny berkitmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen birlikde, harby gulluga çagyrmak çäresiniň netijeleri, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Döwlet Baştutany ýurduň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe häzirden başlap gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine dabaraly harby ýörişi ýokary derejede geçirmek üçin zerur
çäreleri görmegi tabşyrdy.
Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni mynasybetli harby ýörişe taýýarlyk görlüp başlanar

03
Jul