Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler

12—13-nji fewral aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçiriler. bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Döredijilik çäresine gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň wekiliýeti Aşgabada geler. Medeniýet günleriniň çäklerinde konsert, doganlyk halkyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, iki ýurduň suratkeşleriniň ussatlyk sapaklary we duşuşyklary, eýran kinofilmleriniň görkezilişi bolar. Myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýlerine we gözel künjeklerine gezelençler guralar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector