MEDENIÝET

Türkmenistanda Ermenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

27-29-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler. Esasy çäre 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriljek Ermenistanyň Tatula Altunýan adyndaky döwlet aýdym-saz ansamblynyň çykyşy bolar.
Bu maksatnama kino we animasiýa ýaly ermeni medeniýetiniň dürli taraplaryny öz içine alýar. Tomaşaçylar «Şarpyk» (27-nji oktýabr), «Aýrik» (28-nji oktýabr) we «Bagdasar aýaly bilen aýrylyşýar» (29-njy oktýabr) atly üç sany ermeni filmine tomaşa edip bilerler . «It we pişik», «Gök deňizde, ak köpükde …» we beýleki ermeni multfilmleri hem görkeziler. Geçirilýän ýeri: «Watan» kinokonsert merkezi, «Aşgabat» kinoteatry.
Çäreler 29-njy oktýabrda iki ýurduň medeni jebisligini nygtajak Türkmenistanyň we Ermenistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlanar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: