YKDYSADYÝET

Türkmenistanda ep-esli serişde durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi

2021-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 31,7 milliard manat möçberde maýa goýumlar özleşdirildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 46,3 göterimi önümçilik, 53,7 göterimi bolsa durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 11-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde aýdyldy.

Ministr Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, 2021-nji ýylda 2 424,4 million manadyň özleşdirilendigini habar berdi. Geçen ýyl bu maksatnamanyň çäklerinde 1 hassahana, 1 saglyk öýi, 7 sany orta mekdep, 1 dik guýy, 293,3 kilometr inženerçilik ulgamlary, 529,7 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary, 597,6 kilometr aragatnaşyk ulgamlary guruldy. 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, 101 sany durmuş we medeni maksatly binalaryň, 35 sany suw we lagym arassalaýjy desgalaryň, şeýle hem 2366,9 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň, 104,1 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: