2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap Türkmenistanda Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiň 358-nji maddasyna girizilen üýtgetmeler güýje girer. Bu kanuna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde gol çekdi.
Täze düzgüne görä, on alty ýaşyna ýetmedik çagalar temmäkä garşy talaplary bozan ýagdaýynda, ene-atalar ýa-da olaryň ornuny tutýan şahsyýetler birden iki binýatlyk mukdara çenli jerime tölär. Şeýle-de lukman bellemezden neşe serişdelerini ulanmak bilen bagly düzgün bozmalarda duýduryş bermek mümkinçiligi aýryldy we diňe jerime göz öňünde tutuldy.
Mundan başga-da, on dört ýaşyndan on alty ýaşa çenli ýetginjekleriň ownuk düzgün bozmalary üçin hem bir binýatlyk mukdar möçberinde jerime bellenilýär. Kämillik ýaşyna ýetmedik pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini bozmagy üçin jerimäniň möçberi hem ýokarlandyryldy.
Türkmenistanda ene-atalaryň jogapkärçiligi kanunçylyk esasynda güýçlendirilýär
18
Apr

