Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen bolan duşuşygynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar barada hem aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary tehnologiýalar, şol sanda emeli aň tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda anyk teklipleri beýan etdi. Şunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň
mümkinçiliklerini ulanmak göz öňünde tutulýar diýip, TDH ýazýar.
Türkmenistanda emeli aň ulgamy ösdüriler
03
Sep
