Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak işleri dowam edýär. Elektron hyzmatlary düzgünleşdirmek, döwlet edaralarynyň özara işini utgaşdyrmak we döwrebap maglumat ulgamlaryny ornaşdyrmak şu işleriň esasy ugrudyr. Bu barada hormatly Prezidentimize
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, degişli kanunçylyk namalarynyň taslamalary taýýarlanyldy. “Elektron hökümet hakynda” hem-de “Elektron resminama hakynda” kanunlaryň esasynda täze çözgütler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Bu çäre ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiniň ösdürilmegine giň ýol açar.
Türkmenistanda elektron hyzmatlar täze derejä çykarylar
08
Sep

