JEMGYÝET

Türkmenistanda «Elektron hökümet» ulgamyny doly işe girizmek göz öňünde tutulýar

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilişiniň barşynda «Elektron hökümet» ulgamyny işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Konsepsiýada görkezilenler üç tapgyrda ýerine ýetiriler. «Elektron hökümet» ulgamy onuň ikinji tapgyrynda işe girizler. Bu döwür 2020—2023-nji ýyllary içine alýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji maýda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, eýýäm döwlet hyzmatlaryny etmek üçin «Bir penjire» awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy görnüşindäki döwlet hyzmatlary portaly döredildi.

Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň üçünji tapgyry 2024—2025-nji ýyllary öz içine alýar. Bu döwürde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň, usullaryň kämilleşdirilmegini we ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek, Konsepsiýada bellenen wezipeleriňdir çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek meýilleşdirilýär.

Bir bitewi Maglumat merkezini döretmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: