«Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Şolaryň hatarynda elektron hökümet taslamasynyň milli nusgasynyň döredilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolup, döwlet edaralary bilen raýatlaryň arasynda maglumat alyş-çalşygyny has çalt, ygtybarly we açyk guramaga giň mümkinçilikleri döredýär. Pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamynyň (PEMU) tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» kesgitlenen esasy ugurlaryň biri bolup, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi sanlylaşdyrmak işinde uly öňegidişligi alamatlandyrýar.
Habarda bellenilişi ýaly, elektron hökümetiň milli nusgasynyň binýadyna dünýäde ygtybarly platformalaryň biri hasaplanýan «X-Road» ulgamy ornaşdyrylyp, onuň arkaly ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň arasynda maglumatlaryň howpsuz alyş-çalşygy üpjün edilýär. Häzirki wagtda döwlet edaralary tarapyndan hödürlenilýän birnäçe elektron hyzmatlar bu ulgama birikdirilip, geljekde bitewi sanly maglumat gurşawyny emele getirmek göz öňünde tutulýar. Bilermenleriň pikirine görä, elektron hökümet taslamasy geljekde döwlet hyzmatlaryny has elýeterli edip, raýatlaryň gündelik durmuşynda möhüm orun eýelär hem-de sanly jemgyýetiň kemala gelmegine itergi berer.
Türkmenistanda elektron hökümet taslamasy durmuşa geçirilýär
06
Jan
