YKDYSADYÝET

Türkmenistanda elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberi artýar

Türkmenistanda senagat, medeni-durmuş binalary, edaralar we ilat elektrik energiýasy bilen arzan bahadan bökdençsiz üpjün edilýär. Energetikleri onuň talap edilýän möçberini öndürýärler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 4-nji noýabrda geçirilen mejlisinde habar berilişi ýaly, şu ýylyň on aýynyň netijeleri boýunça Energetika ministrligi önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasyny 130,7 göterim ýerine ýetirdi.

Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 110,5 göterime, daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermegiň ösüş depgini bolsa 131,7 göterime deň boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: