Türkmenistanda düýeguşuň gönünden gaýyş önümlerini öndürmek meýilleşdirilýär
“Düýeguş” maldarçylyk hojalygy Afrika düýeguşlarynyň gönünden gaýtalanmajak önümleri
öndürip başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada kärhananyň satuw işleri boýunça dolandyryjysy Anastasiýa Stepanişewa TSTB-niň 17 ýyllygy mynasybetli geçirilýän serginiň çäklerinde “Biznes Türkmenitsan” internet neşirine mälim etdi.
“Düýeguş göni – ýokary hilli gaýyş önümleri öndürmek üçin naýbaşy serişdedir. Biz torbalary,
aýakgaplary, gyş ýapynjalary we kitap sahaplaryny öndürmek ugrunda iş alyp barýarys” diýip, Stepanişewa aýtdy.
Onuň bellemegine görä, düýeguş göni berkligi taýdan krokodiliň we piliň derisiniňki bilen
deňeçer bolup, hili, ýumşaklygy we maýyşgak häsiýeti bilen olardan has ýokary derejelidir.
Her bir guşdan 1,5 inedördül metr çig mal almak mümkindir.