YKDYSADYÝET

Türkmenistanda döwlet tabşyrygyndan artyk öndürilen bugdaý üçin aýratyn baha kesgitlenildi  

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet tabşyrygyndan artyk öndürilen bugdaý üçin aýratyn baha belledi. Resminama laýyklykda, möçberleri tassyklanan oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalaryndan ýer böleklerini alan Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridik şahslar hem-de raýatlar döwlet tabşyrygy esasynda 2022-nji ýylyň bugdaý hasylyny öndürmek boýunça bellenen meýilnamadan artyk öndüren bugdaý hasylynyň bir tonnasyny 1 müň 600 manatdan döwlete tabşyrmaga borçly edildi.

Munuň Türkmenistanda azyk üpjünçiligini has-da pugtalandyrmak we azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek maksady bilen edilýändigi bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: